Talabyňyzy bugünden beriň

Halkara söwda

«NUR ASIA» Ýewropadan, Gruziýadan, Russiýadan, Ukrainadan, Türkiýeden we Hytaýdan Türkmenistana ulag-ekspedisiýa hyzmatlaryny hödürleýär. Siziň wagtyňyzy we puluňyzy tygşytlajak iň amatly we bähbitli logistika çözümini hödür edýäris. Logistika meseleleriň çözümine biz toplumlaýyn golaýlaşýarys we, ýükleriň taýýarlanmagy we ugradylmagy, olaryň ahyrky alyjylara eltilmegi bilen baglanşykly ähli işleri üstümize almaga taýýar.

Biziň ulag kompaniýamyzyň hyzmatlarynyň sanawyna şular degişli:

- iň amatly ugur işläp taýýarlamak. Şonda biziň hünärmenlerimiz, ugradylan ýeri we barmaly ýeri aralarynda ulag aragatnaşyk aýratynlyklaryny, daşamalaryň möhletleri boýunça talaplaryny, bölüniň aýrylan býudžetini, ýüküň öz häsiýetlerini (hususanam, onuň agramy, gabaralary, spesifiki temperatura režimi talaplary) hasaba alýarlar.;

- goşmaça hyzmatlar. Buýrujynyň isleglerine we hakykatda bar bolan gerekliliklerine baglylykda bu goşmaça hyzmatlar resminamalary (rugsatnamalary, ygtyýarnamalary) taýýarlamak, ýa-da ýüküň özüni taýýarlamak (gaplama, belliklerme we ş.m.), ätiýaçlandyrmak, wagtlaýyn saklanmagynyň guramaçylygy we beýlekiler bolup biler.;

- dürli ulaglarda ýükleriň daşalmagy. Gidilmeli ugur uzaklygyna we, möhlet talaplary we býudžetine baglylykda biz, demir ýoly, deňiz, awtomobil ulaglaryny ulanyp bileris.;

Logistika hyzmatlaryndan başga biz, täze harytlaryň gözlegi, bazarlaryň öwrenilmegi, üpjün edijiler bilen şertnamalary baglaşmak hyzmatlaryny hem hödür edýäris. Biziň bilen hyzmatdaşlyk edip Siz, ýokary hilli hyzmat we doly gizlinlik elde edýärsiňiz.

Hoşal bolan müşderiler – biziň esasy maksadymyzdyr!